Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy

  • 11.01.2026 20:13
  • 6.4k+

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär.

«Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy. Gyraky hüjümçi Angliýanyň premýer-ligasynda we UEFA-nyň Çempionlar ligasynda çempionlyk ugrunda göreşi dowam etdirýän toparyň hüjümçi hataryny güýçlendirdi.
Şondan soň Pep Gwardiolanyň döwründe klubuň oýunçylar üçin çykaran umumy transfer çykdajylary 2,03 mlrd ýewro ýetdi. Ispaniýaly hünärmen «Siti» klubuna 2016-njy ýyldan bäri tälimçilik edýär.
Şol bir wagtyň özünde, Gwardiolanyň garamagyndaky «Sitiniň» arassa transfer çykdajylary 1,1 mlrd ýewro barabar (oýunçylary satyn almak üçin sarp edilen mukdar bilen olaryň satuwyndan gazanylan girdejiniň arasyndaky tapawut göz öňünde tutulýar). Bu görkeziji «Mançester Ýunaýted» bilen «Arsenalyň» degişli döwürdäki görkezijisinden pesdir. Şeýle-de bolsa, Gwardiola oýunçylar üçin umumy çykdajylaryň möçberi boýunça 2016-njy ýyldan bäri beýleki ähli tälimçilerden öňe geçýär.
Ýeri gelende bellesek, Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda «Sitiniň» iň gymmat satyn alan oýunçysy 117,5 mln ýewro satyn alnan Jek Griliş bolmagynda galýar.
2016-njy ýylyň tomsundan bäri transfer çykdajylary boýunça ikinji orny Madridiň «Atletikosynyň» tälimçisi Diego Simeone eýeleýär – 1,22 mlrd ýewro.

Tälimçilik karýerasynyň dowamynda Pep Gwardiola «Barselonanyň» ýaşlar we esasy toparlary bilen işledi, soňra Mançestere göçmezden ozal Mýunheniň «Bawariýasyna» ýolbaşçy boldy. 54 ýaşly hünärmen taryhda transfer çykdajylary 2 mlrd ýewrodan geçen ýeke-täk tälimçi bolup galýar, öňki klublaryny hasaba alanyňda ol 2,58 mlrd dollara barabar.
Bu görkezijä iň golaý bolan portugaliýaly Žoze Mourinýudyr (1,99 mlrd ýewro).


düýn 16:45
4.6k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....

23.04.2026 16:19
6.1k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
6.4k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

23.04.2026 12:31
9.3k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......