ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy

  • 10.01.2026 18:29
  • 1.5k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär.

Kompaniýa ChatGPT Health üçin gizlinligi goramagyň goşmaça çäreleriniň hereket edýändigini belleýär. Bu bölümde alnyp barylýan söhbetler dil modellerini okatmak üçin ulanylmaýar.
Häzir funksiýa synag tapgyrynda, goldanylýan programmalaryň sanawy bolsa sebite baglylykda üýtgäp biler.
OpenAI ChatGPT Health-yň diagnoz goýmak ýa-da bejergi bellemek üçin niýetlenmändigine aýratyn ünsi çekýär. Hyzmatyň berýän jogaplary diňe maglumat beriji häsiýete eýe bolup, lukman maslahatlarynyň ornuny tutmaýar.
Täze bölümiň işe girizilmegi saglygy goraýyş ulgamynda emeli aňyň ulanylmagyna gyzyklanmanyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, ulanyjylaryň näçeräk şahsy maglumaty çat-botlara we sanly hyzmatlara ynanmaga taýýardygy baradaky pikir alyşmalar dowam edýär. 


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......