4.4k+

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy

12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi...

3.7k+

17-nji maýda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlar kabul ediler

17-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

5.1k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, uruş weteranlaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. "Bu gün hatyra dessurlarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda gurban bolan merdana esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklerimize ter gül desselerini goýýarys...

9.9k+

ABŞ-da 8-nji maý resmi taýdan Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip tassyklandy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýy Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Resminama Ak tamyň web sahypasynda çap edildi. Jarnamada şol gün amerikanyň halkynyň gurban bolanlaryň hemmesini hatyralap sarpalaýandygy hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we dünýäniň howpsuzlygyny, azatlygyny we abadançylygyny goramak borjuna wepalylygyny tassyklaýandygy aýdylýar...

5.1k+

Watikanda ak tüsse goýberildi: täze Rim papasy ABŞ-dan Robert Prewo saýlandy

8-nji maýda Watikanda konklaw tamamlandy. Täze Rim papasy hökmünde Çikagodan (ABŞ) Robert Frensis Prewo saýlandy. Ol taryhda 267-nji papa boldy we özüne Şir XIV adyny aldy. Täze papanyň saýlanandygy Sikstin kapellasynyň üçegindäki turbadan ak tüsse goýberilmegi bilen yglan edildi – bu dalaşgärleriň biriniň kardinallardan zerur ses sanyny alandygynyň we täze papa bolmaga razy bolandygynyň alamatydyr...

13k+

25 ýurduň iň baý we iň garyp adamlarynyň girdejileriniň arasyndaky tapawut anyklandy

Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda 25 ýurduň iň baý we iň garyp ýaşaýjylarynyň gündelik girdejilerini görkezýän infografikany taýýarladylar. Our World in Data taslamasy tarapyndan toplanan maglumatlar ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär we 2017-nji ýylyň bahalary boýunça satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (PPS) nazarda tutulyp düzedildi...

4.7k+

Ak tam NASA-nyň býujetini azaltmagy, Aý programmasyny ýatyrmagy meýilleşdirýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy NASA-nyň maliýeleşdirmesini ep-esli azaltmagy göz öňünde tutýan 2026-njy ýyl üçin býujetiň taslamasyny çap etdi. Space News-yň berýän maglumatlaryna görä, agentligiň býujeti ABŞ-nyň taryhynda iň uly ýyllyk kemeltme boljak 24% ýa-da 6 milliard dollar azalar...

5k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Parižde Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky ÇYKYŞY

Hormatly foruma gatnaşyjylar! Hormatly hanymlar we jenaplar! Şu duşuşygy geçirýändigimize örän şatdyryn. Meniň forumdaky çykyşym üç ugurdan ybarat bolar: birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir...