Türkmenistan we ÝB sebit howpsuzlygy hem-de Owganystanyň ösüşi bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy

  • 20.06.2025 20:06
  • 5.3k+

17-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropanyň daşarky syýasat işi gullugynyň Aziýa ýurtlary boýunça direktory Paola Pampaloni bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşykda, hususan-da, Owganystandaky ýagdaýlar bilen baglylykda sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi.
Türkmenistan – Owganystan demir ýolunyň gurluşygy hem-de täze energetika we ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Taraplar açyk syýasy dialogy ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Şeýle hem, dialogyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropa Adalatçysynyň Kabinetiniň ýolbaşçysy Lambros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar alyp barýan işleri barada maglumat alyşdylar, öz institutlarynyň döredilmeginiň taryhy, esasy wezipeleri hem-de raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamagyň aýratynlyklary barada söhbet etdiler. Türkmen tarapy mundan beýläk-de tejribe we öňdebaryjy gazananlary alyşmaga hem-de ýewropaly kärdeşleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......