Serdar Berdimuhamedow Aziýa ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 24.06.2025 00:55
  • 5.2k+

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Şu ýyl bu hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýar.
Geçen döwrüň içinde Aziýa ösüş banky Türkmenistanda durnukly durmuş-ykdysady ösüş üçin uly ähmiýete eýe bolan köp sanly taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşdy. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny, hususan-da, energetika, ulag, saglygy goraýyş ýaly ulgamlary öz içine alýar.
Häzirki wagtda ýurdumyz bilen bu maliýe guramasynyň arasyndaky gatnaşyklar 2024 – 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýurdumyzyň ykdysady, söwda, ulag we energetika ulgamlaryny ösdürmäge ýardam berýändigi aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky özara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu möhüm taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde ähli ugurlarda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer.
Geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistana ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge berk esas bolup hyzmat edýär. Bu ugurda, ýurdumyz demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Aziýa ösüş banky bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmäge möhüm ähmiýet berýär.
Döwlet Baştutany kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz we maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hususy ulgamy ösdürmek maksady bilen, Aziýa ösüş bankynyň ýurdumyzyň banklary bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem bu iri halkara maliýe guramasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.


şu gün 16:04
648

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy

Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy...

şu gün 15:51
900

Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi

18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi...

şu gün 10:26
6.8k+

Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady

Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady...

şu gün 10:21
4.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy...