2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanda geçiriljek çäreleriň tertibi aýdyldy

  • 21.06.2025 00:32
  • 7.2k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, şeýle hem wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary we sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen bir hatarda, iýul aýynda:

  • «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny;
  • «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....