Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça 17-nji dialog geçirildi

  • 19.06.2025 13:02
  • 2.8k+

17-nji iýunda Brýusselde (Belgiýa) Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisiň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalarynyň durmuşa geçirilmegini, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmegi, gender deňligini üpjün etmegi we halkara düzümlerde hyzmatdaşlygy öz içine meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
Duşuşykda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Adalatçysy, Bilim ministriniň orunbasary, şeýle hem Ýokary Kazyýetiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler, Adalat ministrlikleriniň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri girdi.
Dialogyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegini, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň işini we kazyýet özgertmeleriniň çägindäki başlangyçlary öz içine alýan yzygiderli alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Ara alyp maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň halkara guramalary, hususan-da BMG, ÝHHG hem-de beýleki ýöriteleşdirilen düzümler bilen adam hukuklaryny ilerletmek we goramak meselelerinde hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişli edildi. Türkmenistanyň konstruktiw halkara dialoga açyklygy hem-de özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlylygy nygtaldy.
Dialogyň netijeleri boýunça taraplar yzygiderli geňeşmeler tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar, şeýle hem hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ruhunda mundan beýläk hem özara gatnaşyklaryň anyk ädimleri boýunça ylalaşdylar.


11.05.2026 22:55
915

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......