Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

  • 18.06.2025 09:46
  • 4.1k+

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy
Serdar Berdimuhamedow daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip etdi.

"Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar" diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk
Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýandygyny nygtady.

"Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar" diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika hyzmatdaşlygy
Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň barşynda türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Innowasion hyzmatdaşlyk
Türkmenistan hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan innowasion hyzmatdaşlyk ugruna has uly üns berilmegine umyt bildirýär. 
Serdar Berdimuhamedow emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.

Medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary
Döwlet Baştutany sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.


düýn 15:58
4.2k+

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda geçiren brifinginde 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi...

düýn 10:00
4.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy...

17.01.2026 16:51
9.1k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

17.01.2026 15:28
7k+

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 20,2 mlrd manatdan geçdi

2025-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanda bank kartlary arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy möçberi 20,2 milliard manatdan geçdi. Bu barada «Bank habarlary» elektron žurnaly habar berýär...