Serdar Berdimuhamedow Palestinanyň täze bellenen ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

  • 20.06.2025 09:21
  • 3.5k+

19-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Rana Abu Hijlehiden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak däplerine esaslanýar. Bu bolsa abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmagyň dowamynda bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda Türkmenistanyň nebithimiýa, dokma senagatynyň, oba hojalyk we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümlerini, dürli azyk harytlaryny eksport etmek geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-palestin gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär.

“Biz geljekde-de halklarymyzy ýakynlaşdyrmakda ähmiýetli bolan özara Medeniýet günleriniň geçirilmegini, bilim babatda alyşmalaryň, milli sergileriň we maslahatlaryň guralmagyny goldarys” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany beýan edilen ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň bardygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň palestin tarapynyň anyk tekliplerine we netijeli başlangyçlaryna seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Rana Abu Hijlehi türkmen-palestin gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......