Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 18.06.2025 10:04
  • 4.3k+

Türkmenistan Gonduras Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki komýunike gol çekişdi. Gol çekmek dabarasy 12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gondurasyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Meri Elizabet Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklary öz içine almak bilen ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gondurasyň hökümetlerini hem-den halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....