Serdar Berdimuhamedow Astanada Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi

  • 17.06.2025 14:34
  • 7.2k+

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ikinji sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Astana şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. «The St. Regis Astana» myhmanhanasynda guralan duşuşykda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler. Şunda geçen döwrüň dowamynda bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi.
Bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpini özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Dostlukly döwletiň Lideri hem, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentini Hytaýda geçiriljek ŞHG-niň sammitine we beýleki halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilendigi mälim edildi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......