YHG-nyň DIM-niň geňeşinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda kararnama biragyzdan kabul edildi

  • 23.06.2025 16:32
  • 8k+

21-22-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýeti Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Duşuşykda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy ugurlary öz içine alýan möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek, şeýle hem döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere aýratyn orun berildi.
Türkmenistanyň wekili forumda eden çykyşynda ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle hem Guramanyň ähli agza döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary güýçlendirmegiň çykyş edýändigini belledi.
22-nji iýunda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 51-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «YHG-nyň we bütin dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde we berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny hakynda» atly kararnama biragyzdan kabul edildi.
Resminama syýasy-hukuk guraly hökmünde bitaraplygyň halkara we sebit durnuklylygyny berkitmäge ýardam edýändigini, döwletleriň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýändigini nygtaýar.
Bu kararnamanyň YHG-nyň meýdançasynda kabul edilmegi, özara ynamy berkitmäge, dialogy ilerletmäge we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasy strategiýasynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň we goldanylmagynyň aýdyň tassyknamasydyr.
YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň mejlisiniň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Parahatçylyk we ynanyşmak: Yslam dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly tegelek stol maslahaty geçirildi.
Çärä jemi 100-e golaý adam gatnaşmak bilen, olaryň hatarynda YHG agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal syýasatşynaslar we KHBS ýygnandy.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......