Türkmenistan MAGATE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär

  • 21.06.2025 02:08
  • 2.8k+

Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Hususan-da,

  • 2025–2029-njy ýyllar üçin Agentligiň Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada indiki bäş ýylyň dowamynda ýurdumyz bilen Agentligiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli sepgitler, ýerine ýetirilmeli işler hem-de bu işleriň möhletleri kesgitlenilýär we düzgünleşdirilýär.
  • 1960-njy ýylda güýje giren «Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga» Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.
  • 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen bir hatarda,  agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanylan foruma Guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlaryny beýan etmek teklip edilýär.
  • 2025-nji ýylyň 10–14-nji noýabry aralygynda MAGATE bilen bilelikde Ýadro we beýleki radioaktiw materiallary üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu sebitleýin maslahata ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan hem-de Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
  • Türkmenistanda onkologiýa keselini bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8-13-nji sentýabry aralygynda Guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.  Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentligi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentligi bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......