Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammite gatnaşýar

  • 17.06.2025 19:52
  • 10k+

Astanada «Garaşsyzlyk» köşgünde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammit öz işine başlady. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar diýip, "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» formaty 2020-nji ýylda döredilen ýaş hyzmatdaşlyk meýdançasy hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, şu geçen döwrüň dowamynda alty ýurduň Liderleri 2022-nji ýylyň ýanwarynda onlaýn tertipde, 2023-nji ýylyň maýynda bolsa Sian şäherinde ýüzbe-ýüz görnüşde ýokary derejeli duşuşyklary geçirdiler. Astanada geçirilýän ikinji sammitiň gün tertibi hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Syýasy dialogy giňeltmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak; üstaşyr ulag baglanyşygyny ösdürmek; energetika we innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ilerletmek şolaryň hataryndadyr. Şunda sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek meselesine aýratyn ähmiýet berler.
Sammitiň maksatnamasyna laýyklykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Baştutanlary, şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem sammitiň dowamynda çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan eder.
Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamalaryň ikisine — Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Astana Jarnamasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......