Kabulda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler geçirildi

  • 19.06.2025 14:15
  • 9.7k+

Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministrligi Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr gatnawlary babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny habar berdi.

Orient agentliginiň habar bermegine görä, 18-nji iýunda Kabul şäherinde Owganystanyň ulag we raýat awiasiýasy ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mawlawi Hamidulla Ahundzada Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşyk geçirdi. Ministriň bellemegine görä, häzirki ýagdaý taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär.
Owganystanyň ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda taraplaryň özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, haryt daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagy hem-de owgan sürüjileri üçin wiza proseduralarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşandygy nygtalýar.
Ilçi H.Öwezowyň bellemegine görä, Aşgabat Owganystan bilen dürli ugurlar, hususan-da ulag-üstaşyr ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Owganystanyň Radio Television of Afghanistan mediasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda Kabul bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklary öňküden tapawutly derejede ösdürilýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......