Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

  • 21.06.2025 11:02
  • 6.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, älem giňişligini özleşdirmekde alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Çärjew şäherinde (häzirki Türkmenabat) dünýä indi. Ol Türkmenistanyň Gahrymany (2019-njy ýylda dakyldy) we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany (2009-njy ýyldan bäri) atlaryny aldy.
2024-nji ýylyň 23-nji sentýabrda Kononenko nobatdaky kosmos uçuşlaryndan Ýere dolanyp geldi we adamyň kosmosda bolmagynyň jemi dowamlylygy boýunça rekord goýdy. Ol ömrüniň 1110 gün, 14 sagat we 57 minutyny kosmosda geçirdi.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......