Kataryň Erkin ykdysady zolagynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary maslahatlaşyldy

  • 23.06.2025 01:13
  • 4.5k+

19-njy iýunda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmamedow Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy, 2025-nji ýylyň ýurdumyzda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, mahriban diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan halkara çäreler barada belläp geçdi.
Katar Erkin ykdysady zolagynyň başlygy (QFZ) Şeýh Muhammed bin Faýsal Al Tani duşuşygyň dowamynda, Hamad halkara howa menziliniň ýakynynda ýerleşen “Ras Bufontas Free Zone” bu ýokary tehnologiýaly sanlaşdyrylan ugurlar arkaly iş dolanşygy ýola goýulan ýöriteleşdirilen zolak bolup, Kataryň “QFZ” häzirki zaman halkara ykdysady platformalarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän, işewürlik üçin amatly şertleri üpjün edýän hem-de innowasiýa esasly ösüşi höweslendirýän möhüm merkezleriň biri bolup durýandygyny belledi.
Şeýle hem, taraplar geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysady we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi hem-de degişli edaralaryň arasynda tejribe alyşmak babatyndaky degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....