“Fitch Ratings” Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB-durnukly” reýting derejesini berdi

  • 20.06.2025 23:22
  • 4.1k+

Beýik Britaniýanyň “Fitch Ratings” agentligi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “BB-durnukly” reýting derejesini kesgitledi. Bank tarapyndan halkara reýtingi almak boýunça geçirilen işler barada wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 16-njy iýunynda ýurdumyzyň bu bankyna “BB-durnukly” reýting derejesiniň kesgitlenendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Agentligiň maglumatyna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň ýokary derejesi we uly möçberde ätiýaçlyk serişdeleriniň bardygy bellenilýär.
Şunuň bilen birlikde, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maliýe-bank işjeňligi gowy bahalandyrylyp, tölege ukyplylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär hem-de bu döwlet bankynyň maliýe serişdeleri boýunça ýurdumyzyň iri banklarynyň biridigi bellenilýär.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň daşary ykdysady işini has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.


şu gün 19:20
1.3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

şu gün 14:40
1.5k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......