Starlink 2025-nji ýylda Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar

  • 21.06.2025 11:54
  • 5.7k+

Starlink hemra interneti 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde Gazagystanyň ähli ýerinde işläp başlar. Bu barada Respublikanyň sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew habar berdi.

Hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar, ýöne optiki-süýümli aragatnaşygyň bolmadyk uzakdaky ilat nokatlarynyň ýaşaýjylary ilkinjileriň hatarynda göz öňünde tutular. Ministr Starlink-e birikmegiň we hyzmatlaryň bahasynyň adaty internetden ýokary boljakdygyny belledi. Häzir nyrhnamalary kesgitlemek, ýerüsti stansiýalar üçin meýdançalary saýlamak we hyzmaty işe girizmek bilen bagly tehniki meseleleri çözmek boýunça işler dowam edýär.
Sanlaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligi oba ýerlerinde-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmegini dowam etdirýär.  
Žaslan Madiýew ýurduň ähli raýatlary üçin aragatnaşyga durnukly elýeterliligi üpjün etmek üçin simli we hemra internetiniň ugurdaş ösdüriljekdigini belledi.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......