Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy diplomatik ýollar arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi

  • 22.06.2025 17:22
  • 11k+

22-nji iýunda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý we bu ugurda ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça pikir alyşdylar.
Şunda BMG-niň yglan etmeginde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara işlerinde işjeň we konstruktiw orny eýeleýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň toplumyny ulanmak arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesi aýratyn bellenildi.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......