Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

  • 17.06.2025 20:11
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji iýunda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda  geçirilen sammitde eden çykyşynyň başynda Serdar Berdimuhamedow häzirki duşuşygyň Sianda geçirilen ozalky sammitde hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasynda beýan edilen ideýalardyr teklipleri berkitmäge, olara dowamatlylyk bermäge we ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynda mowzuklaýyn çägiň şeýle giň bolmagynyň tebigy ýagdaýdygyny aýdyp, onuň biziň gatnaşyklarymyzyň hakyky çuňlugyny, yzygiderliligini, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýetilen derejesini, halklarymyzyň bähbidine bilelikde işlemek üçin umumy taýýarlygy görkezýändigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dünýädäki häzirki ýagdaýlary nazara alyp, dostlukly ýurtlaryň Liderlerini daşary syýasatda Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen bagly öňe süren teklibine aýratyn ähmiýet bermäge çagyrdy. Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem giňeltmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýär. Biziň ýurdumyzyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynda sebitiň döwletleriniň möhüm orny göz öňünde tutulýar.

«Onuň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy, biziň pikirimizçe, milli ulag-logistika mümkinçiliklerimizi umumy bähbitleriň hatyrasyna ýakynlaşdyrmaga we ulanmaga ýardam eder» diýip, döwlet Baştutany çykyşynda belledi.

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde energetika ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň tebigy gazy we elektrik energiýasyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Serdar Berdimuhamedow söwdany, täjirçiligi ösdürmegiň, dürli ugurlara ýöriteleşen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, innowasion ugurly hyzmatdaşlygyň hem biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmeginde möhüm orna eýedigini nygtap, bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şeýle-de medeni dialogyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyzyň arasynda wajyp meseleler boýunça başy başlanan dialogyň şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň çäginde dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny bu iri maslahata gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....