Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýunda Türkmenistana geler

  • 20.06.2025 20:14
  • 9.6k+

24-25-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar diýip, Russiýanyň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde habar berdi.

Lawrowyň şeýle hem türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirilýär. Zaharowanyň aýtmagyna görä, diplomatlar ýokary we iň ýokary derejelerde boljak syýasy aragatnaşyklary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

"Sebitleýin gün tertibi, dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar we köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly pikir alyşmalar geçiriler" diýip, TASS agentligi Russiýanyň DIM-niň wekiline salgylanyp habar berýär.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......