Türkmenistan Hatlon welaýaty bilen sebitara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

  • 23.06.2025 01:38
  • 11k+

20-nji iýunda “Hatlon — syýahatçylygyň ýyly kalby” atly Halkara syýahatçylyk forumynyň çäginde Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi Aýmyrat Goçmyradow Hatlon welaýatynyň häkimi Dawlatali Said bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda oba hojalygy, senagat, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri bilen Hatlon welaýatynyň dolandyryş edaralarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň esasynda sebitara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Bu ylalaşyklar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, şeýle hem iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Duşuşykda telekeçilik düzümleriniň arasynda işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, bilelikdäki çärelere gatnaşmak we durmuşa geçirilýän taslamalar barada maglumat alyşmak ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdebiň açylmagynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu dabaraly çäre Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň onlaýn gatnaşmagynda geçirildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we täze bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......