BMGÖM Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleriniň tapgyryny geçirdi

  • 20.06.2025 19:25
  • 3.1k+

28-nji maýdan 18-nji iýun aralygynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetleri öňe sürmek” atly taslamasynyň çäginde Türkmenistanda ýaşlar üçin okuw-treningleri geçirildi. Bu başlangyç Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär.

Bir günlük mentorlyk okuwlary alty sebitde – Büzmeýin, Gökdepe, Balkanabat, Köneürgenç, Baýramaly we Saýatda geçirilip, 180-den gowrak ýaşlary öz içine aldy. Gatnaşyjylaryň arasynda iş gözleýän we ýerli zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümlerinde hasaba alnan ýaşlar hem-de şol sebitlerde ýerleşýän hünär-tehniki okuw jaýlarynyň okuwçylary bardy.
Çäräniň esasy maksady – ýaşlara öz jemgyýetçilik-ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak, häzirki zaman howplaryna garşy durnuklylygy artdyrmak, şeýle hem işjeň raýatlyk pozisiýasyny ösdürmek üçin gerekli bilimleri we başarnyklary ýetirmekden ybaratdyr. Gatnaşyjylara döwlet tarapyndan berilýän goldaw maksatnamalary barada maglumat berlip, özbaşdak ösüş we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak başarnyklary öwredildi.
Şeýle çäreler Türkmenistanyň we onuň halkara hyzmatdaşlarynyň ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi we ýurduň hem-de sebitleriň durnuklylygynyň berkidilmegi ugrunda edýän tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr.


düýn 18:04
2.9k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......