Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Sankt-Peterburgda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 19.06.2025 14:30
  • 8.8k+

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF-2025) çäklerinde Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilişiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rustam Minnihanow türkmen-russiýa gatnaşyklaryna berýän ünsi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Ol iki ýurduň taryhy hem-de dostluk gatnaşyklarynyň berkdigini we söwda-ykdysady gatnaşyklarda oňyn depginiň bardygyny nygtady.
Tatarystanyň Baştutanynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda «KAMAZ», Kazan dikuçarlyk zawody, Maksim Gorkiý adyndaky Zelenodolsk gämi gurluşyk zawody, «KER-Holding» we «Eýdos» ýaly iri tatar kärhanalary üstünlikli işleýärler.

2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 39 million dollardan geçdi. Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy nebit gözlegleri, gaz daşamak, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy, şeýle hem himiýa önümleriniň iberilişi ýaly ugurlarda işjeňleşdirmegi teklip etdi.


şu gün 16:30
252

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
533

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......