Mary welaýatynda ammiak öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan ediler

  • 21.06.2025 00:23
  • 7.9k+

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde ammiak hem-de ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullady.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu konsern tarapyndan dürli mineral dökünleri öndürmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi  içerki sarp edijileri oba hojalyk dökünleri bilen doly üpjün etmäge hem-de olary daşary ýurtlara eksport etmäge ýardam berer.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......