Raşid Meredow Palestinanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

  • 20.06.2025 10:57
  • 5k+

19-njy iýunda Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi hanym Rana Abu Hijleh Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

R.Meredow Palestinanyň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy bilen bagly meselelere degip geçdiler, şeýle hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürilmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Diplomatlar döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......