Italiýanyň Premýer-ministrine Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma çakylyk gowşuryldy

  • 23.06.2025 01:20
  • 4.3k+

19-njy iýunda Rimiň Kiži köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Premýer-ministriniň diplomatik geňeşçisiniň orunbasary Pietro Sferra Karininiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Astanada geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” ilkinji sammitinden gelip çykýan meseleler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň arasynda 2025-nji ýylyň 30-njy martynda bolan ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar öňde boljak çäreleriň, şol sanda türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işewürlik forumynyň guramaçylyk meselelerini hem gözden geçirdiler.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynam forumyna ilkinji çakylygy hem-de 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda meýilleşdirilen Deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatyna çakylygy gowşurdy.
Şeýle hem energetika, oba hojalygy, dokma senagaty hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we özara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....