5.7k+

«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi

«Barselonanyň» häzirki prezidenti Žoan Laporta we müdirler geňeşiniň birnäçe agzasy 15-nji martda geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärliklerini hödürlemek üçin wezipelerinden çekildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär...

21k+

«Arkadag» – «Al-Nasr» oýny dünýäniň 168 ýurdunda görkeziler

Şu gün Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlym merkezinde «“Arkadag” futbol kluby – türkmen futbolynyň geljegi we buýsanjy» atly media-forum öz işine başlady. Çärä Türkmenistandan we daşary ýurtlardan abraýly sport hünärmenleri, žurnalistler we hormatly myhmanlar gatnaşýar...

8.1k+

Aşgabatda «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar

AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäginde Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparlarynyň arasynda geçiriljek oýunda Eminiň wideo kömekçisi (VAR) ulgamy peýdalanylar. Bu tehnologiýanyň Aşgabatda ulanylmagy, kabul ediji tarapyň duşuşygy halkara talaplaryna laýyklykda ýokary derejede geçirmäge doly taýýardygyny tassyklaýar...

12k+

Ýaş türgenler «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnundan öň Olimpiýa stadionyna baryp gördüler

Aşgabat şäheriniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary paýtagtyň Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak baradaky haýyş bilen Gahryman Arkadaga ýüz tutdular. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli sporty ösdürmegi maksat edinýän ýaşlaryň haýyşlaryny kanagatlandyrdy...

15k+

Messi «Barselonanyň» derwezesine gol geçirdi

8-nji fewralda Lionel Messi «Inter Maýami» bilen «Barselonanyň» arasynda geçirilen duşuşykda özüniň ajaýyp oýnuny görkezdi. Ol öz hasabyna bir gol we bir assist ýazdy. Champions Tour — 2026-nyň çäklerinde geçirilen «Inter Maýami» bilen Ekwadoryň «Barselonasynyň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny 2:2 hasabynda tamamlandy...

8.8k+

«Barselona» dört ýyldan soň Superligadan çykyp, «Realy» ýeke galdyrdy

«Barselona» futbol kluby Ýewropanyň Superligasy taslamasyndan çykýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çözgütden soň, Madridiň «Realy» taslama gatnaşmagyny resmi dowam etdirýän ýeke-täk klub bolup galdy. Superliganyň döredilýändigi barada 2021-nji ýylyň ýazynda yglan edilipdi...

2.5k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

1.8k+

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Gazagystanda geçiriler

2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlary Almaty şäherinde geçiriler. Degişli resminama Milanda Gazagystanyň Milli Olimpiýa komitetiniň (MOK) prezidenti Gennadiý Golowkin we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň başlygy Joan bin Hamad Al-Tani tarapyndan gol çekildi...

5.8k+

Canal+ XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň adyny yglan etdi

Canal+ teleýaýlymynyň žurnalistleri XXI asyryň iň gowy derwezebanlarynyň reýtingini düzdüler. Birinji orny Mýunheniň «Bawariýasynda» oýnaýan nemes golkiperi Manuel Noýer eýeledi. Ikinji orunda Italiýanyň milli ýygyndysynyň we Turiniň «Ýuwentus» toparynyň öňki derwezebany Janluiji Buffon ýerleşdi...

12k+

Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär. Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar...

6.1k+

Snup Dog, Fabregas, Ibragimowiç… Sport we şou-biznes ýyldyzlary 2026-njy ýylyň Olimpiada estafetasyna gatnaşýarlar

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň estafetasy Italiýanyň Gallarate, Busto-Arsisio, Lenýano, Saronno, Sewezo, Dezio, Monsa we Komo ýaly şäherlerinden geçdi. Alaw göterijileriň arasynda diňe bir sport ýyldyzlary däl, eýsem şou-biznesiň meşhur adamlary hem bar: reper Snup Dog, NBC üçin reportažlar taýýarlan we ýapylyş dabarasyna gatnaşan Pariždäki tejribesini gaýtalap, ýene-de fakel göterdi...

10k+

Messi Dünýä çempionatyna taýýarlanmak üçin «Inter Maýamidäki» fiziki ýüküni azaldar

Lionel Messi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna iň kadaly ýagdaýda gatnaşmak hem-de şikes almak töwekgelçiligini azaltmak üçin «Inter Maýami» klubundaky türgenleşik maksatnamasyny düýpli üýtgetdi. «The Touchline» neşiriniň «X» ulgamynda habar bermegine görä, futbolçy üçin Argentinanyň milli ýygyndysynyň bähbitleri häzirki wagtda klub bähbitlerinden ýokarda durýar...

5.4k+

«Mançester Siti» we «Arsenal» Angliýanyň ligasynyň kubogynyň finalynda duşuşarlar

Angliýanyň ligasynyň kubogynyň (Carabao Cup) finalynda «Mançester Siti» we «Arsenal» toparlary güýç synaşarlar. Kubok ugrundaky aýgytly duşuşyk 22-nji martda Londonyň meşhur «Uembli» stadionynda geçiriler. Hosep Guardiolanyň şägirtleri ýarym finalyň jogap duşuşygynda «Nýukasly» 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler...

6k+

Karim Benzema resmi taýdan «Al-Hilýalyň» oýunçysy boldy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Karim Benzema «Al-Hilýal» klubuna geçdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy «X» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi. Öň «Al-Ittihadda» çykyş eden 38 ýaşly futbolçy Saud Arabystanynyň Pro-ligasynyň häzirki lideri «Al-Hilýal» bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy...

3.6k+

Kümüşden we galyndylardan ýasalan altyn: 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasynyň ýeňijilerine näme gowşurylar?

Islendik türgeniň iň uly arzuwlarynyň biri - Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmak. Adatça şeýle arzyly medalyň dizaýny ýaryşyň ideýasyny we guramaçy ýurduň medeniýetini şöhlelendirýär. Italiýa bolsa bu ýyl Milandaky we Kortina-d’Ampessodaky 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiadasy üçin ýönekeý we nepis konsepsiýany saýlady...

3k+

Türkmen hünärmenleriniň ylmy işleri Nýu-Ýorkuň abraýly žurnalynda çap edildi

Türkmen hünärmenleriniň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde neşir edilýän «Annals of Rehabilitation and Regenerative Medicine» atly halkara ylmy žurnalynda çap edildi. Bu makalalar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usulyýet merkeziniň alyp baran işleriniň netijeleri esasynda taýýarlandy...