«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

  • 18.04.2026 23:43
  • 8.8k+

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi.

Çempionşipiň 43-nji tapgyrynda «Blekbern Rowers» bilen bolan duşuşykda deňme-deň (1:1) oýnap, Frenk Lempardyň topary 86 utuk toplady we ýaryşyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda, iň bolmanda, ikinji orny kepillendirdi. 84-nji minutda goragçy Bobbi Tomas aýgytlaýjy goly geçirdi.

2024-nji ýylyň noýabr ayynda klub 17-nji orunda wagty işe başlan baş tälimçi Frenk Lempard edilen işe, şol sanda öz bitiren işine ýokary baha berdi.

«Men buýsanýaryn. Adatça, ähli tälimçiler oýunçylary öwýär, ýöne men özüme, öz ştabyma we ýigitlere buýsanýaryn. 15 aý mundan ozal biz bu ýere kiçi awtobusda gelipdik. Täze işe başlananda elmydama bolşy ýaly, biz näbellilige tarap ädim ädipdik» – diýip, «Çelsiniň» öňki legendasy oýundan soňky interwýusynda aýtdy.

Geçen möwsümiň pleý-off tapgyryndaky şowsuzlyga garamazdan, hünärmene ikinji synanyşykda «Kowentrini» ýokary diwiziona gaýtaryp getirmek başartdy.

Mundan ozal «Çelsi», «Ewerton» we «Derbi Kaunti» toparlaryna tälim beren 47 ýaşly hünärmen üçin bu üstünlik aýratyn ähmiýete eýe boldy.

«Bu gazananym menin üçin iň möhüm üstünlikleriň biridir. «Çelside» bolmak bagty maňa nesip etdi. Çempionlar ligasyny we dürli titullary gazanmak — bu ajaýyp zat. Emma bu klub bilen we şular ýaly ýagdaýlarda APL-e çykmagy başarmak... Bu menin üçin ähli garaşanlarymdan hem ýokarydyr. Oýunçylaryň bitiren hyzmatlaryny asla peseltmeýärin. Şu toparyň tälimçisidigime örän buýsanýaryn» – diýip, Lempard sözüniň üstüne goşdy.

Klub 2017-nji ýylda dördünji diwiziona çenli aşak düşeninden soň, gaýtadan dikelmek üçin uzak ýol geçdi.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......