«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

  • 24.04.2026 14:35
  • 6.5k+

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda geçiriler. Bu barada Ring Magazine neşiri habar berýär.

​Zambidis kikboks boýunça dünýäniň 18 gezek çempiony bolup, ol öz karýerasyny 2015-nji ýylda tamamlapdy. Ol geçiren 180 söweşiniň 158-sinde ýeňiş gazanyp, şolaryň 87-sini nokaut bilen tamamlady.

​Meýwezer bolsa professional karýerasyny 2017-nji ýylda Konor Makgregora garşy geçirilen söweşden soň boldum edipdi. Ol karýerasynyň dowamynda geçiren 50 söweşiniň hemmesinde ýeňiş gazanyp, bäş agram derejesinde dünýä çempiony bolmagy başardy. Professional sportdan gidenden soň, ol görkezme söweşlerine gatnaşmagyny dowam etdirýär.

​Mundan ozal 19-njy sentýabrda Las-Wegasda Meýwezer bilen Menni Pakýaonyň arasyndaky gaýta duşuşygyň geçirilip bilinjekdigi habar berlipdi. Olaryň 2015-nji ýyldaky ilkinji söweşi boks taryhyndaky iň köp girdeji getiren söweş bolup, şonda Meýwezer eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen ýeňiş gazanypdy.

​Zambidis bilen söweş baradaky habar ukrain boks ussady Aleksandr Usik baradaky täzeliklerden soň ýaýrady. Usik 23-nji maýda Müsürde başga bir kikboksçy – Riko Werhuwen bilen ringe çykmagy meýilleşdirýär. Bu duşuşykda agyr agram derejesinde WBC boýunça dünýä çempiony ady orta goýlar.


30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....