«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

  • 23.04.2026 15:40
  • 6.8k+

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi.

Şular ýaly şowsuz tapgyr klubuň taryhynda 1912-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolup geçýär (klubuň özi 1905-nji ýylda esaslandyryldy).

«“Çelsiniň” ähli işgärleriniň adyndan Liama we onuň toparyna klubda işlän döwründe bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlygymyzy bildirmek isleýäris. Möwsümiň ortasynda wezipä belleneninden bäri Liam elmydama ýokary hünärmenlik we dogruçyllyk görkezdi.

Bu çözgüdi kabul etmek klub üçin aňsat bolmady, ýöne soňky netijeler we oýunlar bellenen standartlara laýyk gelmeýär, şu möwsümde bolsa entek bitirilmeli işler köp. “Çelsiniň” ähli agzalary Liama geljekki işlerinde üstünlikler arzuw edýär» – diýlip, klubuň resmi saýtyndaky beýanatda bellenilýär.

Iňlis hünärmeni ýanwar aýynda «Strasburg» klubundan gelip, topara ýolbaşçylyk edip başlapdy. Taraplaryň arasyndaky şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenipdi.

Angliýanyň çempionatynyň 34 tapgyryndan soň, topar 48 utuk toplap, sekizinji orny eýeleýär. Ýaryş jedwelinde 33 oýundan soň 70 utugy bolan «Mançester Siti» liderlik edýär. Ikinji orundaky «Arsenalyň» hem şonça utugy bar, ýöne ol goşmaça görkezijiler boýunça «ManSitiden» yza galýar.


düýn 17:32
4.2k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
7.4k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8.4k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
6k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....