Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

  • 23.04.2026 16:19
  • 6.5k+

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61 ýaşly nemes hünärmeni ispan toparyndaky işini tamamlandan soň, tälimçilik ugruny bes etmek niýetiniň bardygyny tassyklapdy.

«Meniň iki sany maksadym bar, olaryň biri Çempionlar ligasyny utmak. Geljekki ýyllar üçin biziň ajaýyp toparymyzyň bardygyna ynanýaryn. Elmydama aýdyşym ýaly, biziň transfer bazarynda dogry çözgütleri kabul etmegimiz gerek — bu örän möhüm. Gödek ýalňyşlyklara ýol bermän, takyk we oýlanyşykly ädim ätmeli. Biziň uly mümkinçiligi bolan ýaş toparymyz bar, ol entek has-da kämilleşip biler, umuman alanyňda bolsa, gurluş gowy» – diýip, Flik metbugat maslahatynda belledi.

Nemes tälimçisi özüniň ikinji möhüm wezipesi hökmünde öý stadionyndaky gurluşyk işleri tamamlanan pursatynda topara ýolbaşçylyk etmek mümkinçiligini agzady: «Ikinji maksadym — “Kamp Nou” stadionyň gurluşygy tamamlananda, “Barselonanyň” tälimçisi bolmak. Onuň haçan tamamlanjakdygyny bolsa hiç kim bilenok».

Bu işiniň karýerasyndaky iň soňky tapgyrdygyna garamazdan, Flik klub bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändigini aýtdy.

«Şertnamany uzaltmakmy? Elbetde, bu meniň meýlimde bar. Men eýýäm aýtdym we ony ýene gaýtalaýaryn: bu meniň karýeramdaky iň soňky tapgyrdyr. Häzir men özümi bu ýerde örän gowy duýýaryn. Şonuň üçin, hawa, men şertnamany uzaltmak isleýärin, emma häzir bu barada gepleşmegiň wagty däl — öňümizde möhüm hepdeler bar» – diýip, tälimçi nygtady.

Ýatlap geçsek, Fligiň ýolbaşçylygynda «Barselona» çempionlyk adyny, Ispaniýanyň Kubogyny we iki gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......