FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

  • 18.04.2026 12:18
  • 4.8k+

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen bilelikde onuň kömekçileri Timur Gaýnullin we Andreý Sapenko hem işlärler.

Bu gezekki Dünýä çempionaty eminleriň sany boýunça taryha girer. Oňa 52 sany baş emin, 88 sany assistent we 30 sany VAR emini gatnaşar we bu görkeziji 2022-nji ýyldaky Katar çempionatyndakydan 41 emin köp diýmekdir.

Eminler korpusynyň ýolbaşçysy Pýerluiji Kollina sanawa alty sany zenan eminiň hem goşulandygyny belledi.

42 ýaşly Ilgiz Tantaşew 2013-nji ýyldan bäri FIFA-nyň emini bolup işleýär.

Ol halkara derejesinde uly tejribä eýe bolup, geçen ýyl Ýewropanyň we Günorta Amerikanyň iň güýçli toparlarynyň gatnaşmagyndaky Klublar arasyndaky dünýä çempionatynyň oýunlaryna-da eminlik etdi.

«Bu FIFA-nyň taryhyndaky iň uly eminler topary bolar. Olaryň her biri islendik wagt oýna bellenilmäge we çempionatyň ýokary derejede geçmegine goşant goşmaga taýýar bolmalydyr» diýip, Kollina aýratyn belledi.


04.06.2026 11:43
4.9k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....

02.06.2026 12:06
9.9k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 17:02
6.4k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

27.05.2026 10:11
7.8k+

Dünýä çempionatynyň resmi topuna her oýundan öň zarýad bermeli bolar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Adidas kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan resmi topy TRIONDA ýaryşyň taryhynda ilkinji gezek içine oturdylan ýörite hereket sensoryna eýe boldy we ol her oýnuň......