«Atletikonyň» baş tälimçisi Simeone Madridde 180 sany kaşaň öý we 7 sany willa satyn aldy

  • 24.04.2026 11:03
  • 12k+

Madridiň «Atletiko» klubunyň baş tälimçisi Diego Simeone we onuň aýaly Karla Pereýra Madridde 180 kwartiradan we ýedi sany willadan ybarat bolan ägirt uly gozgalmaýan emläk toplumyny eýelik edýärler. Bu barada «Gazeta Express» neşiri habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, bu maşgala şäheriň iň abraýly etraplaryndaky kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna işjeň maýa goýýarlar we bu desgalary kärendesine bermek hem-de soňra gaýtadan satmak arkaly uly girdeji gazanýarlar.

Diego Simeone eýýäm 15 ýyldan bäri Madridiň klubuna ýolbaşçylyk edip gelýär we dünýä futbolynyň iň ýokary hak tölenýän tälimçileriniň hatarynda yzygiderli orun alýar. Argentinaly hünärmen 2011-nji ýylyň 23-nji dekabrynda bu wezipä bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar iki gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyny eýeledi we iki gezek Ýewropa ligasynda ýeňiş gazandy.

Tälimçiniň klub bilen baglaşan häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

Hünärmeniň şahsy durmuşy hem Ispaniýanyň paýtagty bilen berk baglanyşyklydyr. Ol özüniň ikinji aýaly Karla Pereýra bilen 2014-nji ýylda tanyşdy, 2019-njy ýylda durmuş gurdy we häzirki wagtda Françeska we Walentina atly iki gyzyny terbiýeleýärler. Şeýle-de Simeoneniň birinji nikasyndan Jowanni, Janluka we Juliano atly üç ogly bar. Kiçi ogly Juliano häzirki wagtda kakasynyň ýolbaşçylygynda «Atletikoda» hüjümçi ýarym goragçy hökmünde çykyş edýär.


düýn 00:17
8k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.5k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......

30.05.2026 11:32
7.8k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....

29.05.2026 23:03
7.1k+

Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady

«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda......