«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

  • 27.04.2026 18:17
  • 9.1k+

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär.

​Milanyň prokuraturasy Italiýanyň eminler korpusynyň ýolbaşçysy Džanlukka Rokkiniň üstünden derňew geçirýär. Bu kişi «sport aldawçylygyna gatnaşmakda» we gerek bolan netijäni gazanmak üçin milan klubunyň oýunlaryna yzygiderli ýagdaýda özüne wepaly eminleri bellemekde güman edilýär.

​Derňewiň üns merkezinde, hususan-da, 2024-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen «Werona» bilen bolan oýun durýar. Şol oýunda «Interiň» goragçysy Alessandro Bastoni garşydaşyny tirsegi bilen urupdy. Prokuraturanyň çaklamasyna görä, VAR eminleri «Interiň» ýeňiş getiren goluny geçiren pursadyndan öň bolan bu wakany bilkastlaýyn barlamadylar.

​Eger aýyplanma subut edilse, klub 2023/2024-nji möwsümiň Seriýa A-nyň altyn medallaryndan we 2024-nji ýylyň Italiýanyň Superkubogyndan mahrum edilip bilner.

​Bu ýagdaý 2006-njy ýylda bolup geçen we netijede Turin şäheriniň «Ýuwentus» klubunyň titullarynyň elinden alnyp, ýokary diwiziondan düşürilmegine getiren galmagaly ýadyňa salýar.

​Derňew başlanandan soň, Džanlukka Rokki Seriýa A-nyň eminler toparynyň ýolbaşçysy wezipesinden çekildi.


27.05.2026 18:20
7.2k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....

25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

14.05.2026 19:30
3.6k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

10.05.2026 12:29
4.5k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......