UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

  • 22.04.2026 16:17
  • 1.9k+

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Girdejileriň artmagy satuw ulgamynyň üýtgemegi we global hyzmatdaşlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglydyr. Indi Çempionlar ligasy üçin diňe bir bukja däl-de, bir möwsümde 531 duşuşygyň geçirilýän üç sany ýaryşyna birden elýeterliligi üpjün edýän dört sany hyzmatdaşlyk maksatnamasy ornaşdyryldy.

Eýýäm AB InBev we Pepsi kompaniýalary bilen altyýyllyk ylalaşyklara gol çekildi. Şunda AB InBev kompaniýasy 35 ýyllap ýaryş bilen hyzmatdaşlyk eden Heineken-iň ornuny tutdy. Mundan öň habar berşimiz ýaly, Nike kompaniýasy hem ýaryşlary top bilen üpjün ediji hökmünde Adidas-yň ornuny eýelemek ugrunda gepleşikleri alyp barýar.

Ýene iki sany şertnama bolsa gutarnykly tapgyrda bolup, olar azyndan 250 million ýewro girdeji getirip biler.

Teleýaýlym hukuklaryndan gelýän we ýylda 5 milliard ýewro töweregi diýlip bahalandyrylýan girdejiler bilen bilelikde, UEFA-nyň umumy girdejisi häzirki 4,4 milliard ýewrodan geçip, 6 milliard ýewrodan hem gowrak bolar. Bu ýagdaýyň öňdebaryjy klublaryň girdejileriniň artmagyna hem getirmegine garaşylýar. Häzirki wagtda baýrak gaznasynyň 74%-ini we ähli ýaryş girdejileriniň 56%-ini Çempionlar ligasynyň toparlary, 17%-ini Ýewropa ligasynyň we 9%-ini Konferensiýa ligasynyň toparlary alýar.


10.06.2026 10:53
9.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:02
4.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

03.06.2026 15:45
13k+

UEFA Gurban Berdiýewiň «Turan-Towuz» toparyny ýewrokuboklardan çetleşdirdi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) Azerbaýjanyň «Turan-Towuz» klubuny 2026/27 möwsüminiň Konferensiýa ligasyna gatnaşmakdan çetleşdirdi. Bu çözgüt 2019-njy ýylda klubuň ýedi futbolçysynyň......

01.06.2026 19:46
10k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....