Birinji ýarymda 5 gol: «Bawariýa» bilen «Real» ÇL-de hakyky şüweleň görkezdiler

  • 16.04.2026 09:31
  • 9k+

«Bawariýa» we «Arsenal» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykdylar.

Çärýek finalyň jogap duşuşygynda mýunhenli klub 4:3 hasap bilen Madridiň «Realyndan» üstün çykdy. Toparlar futbol muşdaklary üçin hakyky şüweleň görkezdiler. Oýundaky gollaryň bäşisi eýýäm birinji ýarymda uruldy, galan iki gol bolsa duşuşygyň iň soňky pursatlarynda derwezä girizildi.

Madridde geçirilen birinji duşuşyk bawariýalylaryň peýdasyna 1:2 hasap bilen tamamlanypdy, şonuň üçin «Realyň» futbolçylary oýnuň ilkinji sekuntlaryndan başlap ýagdaýy düzetmek üçin hüjüme geçdiler.

Adatça «Bawariýanyň» derwezebany Manuel Noýer derwezeden batyrgaýlyk bilen uzaga çykyp, goragçylar ýaly oýnap bilýänligi bilen tanalýar, emma bu gezek ol şeýdeninde gödek ýalňyşlyk goýberdi. Onuň öz topardaşy ýok ýerine beren pasyndan Arda Güler dessine peýdalandy. Türkiýeli ýarymgoragçy oýnuň eýýäm 35-nji sekundynda topy uzakdan boş derwezä ýollady. Bu «Realyň» Çempionlar ligasynyň taryhyndaky iň çalt goly boldy.

«Bawariýa» beýle basyşdan howpurgajak topar däl. Oýnuň altynjy minutynda burçdan oýna girizilen topy Pawlowiç kellesi bilen süsüp hasaby deňledi.

Birinji ýarymda tomaşaçylar ýene-de üç goluň şaýady boldular: Arda Güler ussatlyk bilen jerime urgusyny ýerine ýetirip, dubl etdi (29-njy minut), muňa bolsa Harri Keýn gol bilen jogap berdi (38). Arakesmäniň öňüsyrasynda, 42-nji minutda Kilian Mbappe derwezeban bilen ýekme-ýek galyp, hasaby myhmanlaryň peýdasyna 3:2 görnüşine getirdi.

Ikinji ýarymda oýnuň depgini biraz peseldi, toparlar has seresaply hereket edip başladylar. Emma duşuşygyň 86-njy minutynda möhüm öwrülişik boldy: Kamawinga wagty egläni üçin ikinji sary kart alyp, meýdançadan kowuldy — eýýäm sary karty bardygyna garamazdan, fransuz oýunçysy taktik fol etdi, soňra bolsa topy eline alyp, oýnuň başlamagyna päsgel berdi.

San taýdan artykmaçlyk gazanan mýünhenliler oýnuň gidişini üýtgetmegi başardylar. 89-njy minutda Luiş Diaş uzakdan uran topunyň başga oýunça degip, ugruny üýtgetmegi bilen hasaby deňledi, goşmaça wagtda bolsa Maýkl Olise garşylykly hüjümi gol bilen tamamlady.

Şunlukda, «Bawariýa» umumy 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýarym finalda Wensan Kompaniniň şägirtleri ýaryşyň häzirki çempiony «Pari Sen-Žermen» bilen duşuşar.

Beýleki çärýek final duşuşygynda Londonyň «Arsenaly» Lissabonyň «Sportingi» bilen deňme-deň (0:0) oýnady. Iňlis kluby birinji oýundaky 1:0 hasabyndaky ýeňşi arkaly ýaryşy dowam etdirýär. 

Ýarym finalda «Arsenalyň» garşysyna «Atletiko Madrid» oýnar.

Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary (Aşgabat wagty bilen):

29-njy aprel

«PSŽ» — «Bawariýa» (sagat 00:00-da başlaýar)

30-njy aprel

«Atletiko» — «Arsenal» (sagat 00:00-da)


düýn 19:10
2.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
5.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....