FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

  • 20.04.2026 15:24
  • 9.1k+

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji çeşmesidigni mälim etdi.

Federasiýanyň ýolbaşçysynyň sözlerine görä, çempionatyň geçirilýän bir aýynyň dowamynda gazanylan serişdeler FIFA-nyň indiki dört ýyllyk döwürdäki işini doly üpjün etmelidir.

«FIFA-nyň esasy we häzirlikçe ýeke-täk girdeji çeşmesi — futbol boýunça dünýä çempionatydyr. Biz bir aýyň dowamynda girdeji alýarys, indiki dünýä çempionatyna çenli galan 47 aýyň dowamynda bolsa şol serişdeleri sarp edýäris» diýip, «L’Équipe» neşiri Infantinonyň sözlerini getirýär.

Şu sebäpli, aprel aýynda FIFA nyrh syýasatyna gaýtadan seretdi: indi DÇ-2026-nyň final oýunyna iň gymmat biletleriň bahasy 10 müň dollardan geçýär. Şeýle-de, ikinji we üçünji derejeli biletleriň bahalarynyň degişlilikde 7,3 müň we 5,7 müň dollara çenli ýokarlanandygy hasaba alyndy.

ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde kabul etjek geljekki dünýä çempionaty taryhy waka bolar. Ilkinji gezek ýaryşyň final tapgyryna 48 sany milli ýygyndy topar gatnaşar, bu bolsa ýaryşyň gerimini we guramaçylyk işleriniň çylşyrymlylygyny ep-esli artdyrýar.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......