Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

  • 27.04.2026 16:45
  • 7.8k+

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez.

Şikesiň görnüşi barada Müsüriň milli ýygyndysynyň direktory Ibrahim Hasan Reuters agentligine beren interwýusynda mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, 33 ýaşly futbolçyda dyzasty siňiriniň ýyrtylmagy ýüze çykaryldy. Şeýle şikesden soň dikeldiş döwri takmynan dört hepde dowam eder.

Müsüriň futbol federasiýasy Salahyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli doly dikelmegine garaşýar. Toparçalaýyn tapgyrda Müsüriň ýygyndysy Belgiýa, Täze Zelandiýa we Eýran bilen duşuşar.

Hasanyň bellemegine görä, futbolçynyň özi 11-nji iýunda Demirgazyk Amerikada başlanjak ýaryşa çenli hatara dolanmagy maksat edinýär.

Mundan ozal Salahyň möwsüm tamamlanandan soň «Liwerpuly» erkin agent derejesinde terk etjekdigi habar berlipdi. Ol şu möwsümde 39 oýna gatnaşyp, 12 gol geçirdi we 9 asist etdi.


şu gün 09:11
1.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.8k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
10k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.5k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......