«Çelsiniň» baş kompaniýasy 630 million funt sterling möçberde zyýan çekdi

  • 19.04.2026 15:02
  • 4.8k+

«Çelsi» futbol klubunyň baş kompaniýasy bolan BlueCo 22 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri boýunça 630 million funt sterling möçberinde zyýan çekendigini hasaba aldy.

Todd Bouliniň ýolbaşçylygyndaky konsorsium 2022-nji ýylda kluby rus işewüri Roman Abramowiçden 4,25 milliard funt sterlinge satyn alypdy. Hünärmen Kiran Maguaýryň berýän maglumatlaryna görä, topar satyn alnan pursatyndan bäri jemi 1,6 milliard funt sterlingden gowrak ýitgi çekdi — bu bolsa hepdede, takmynan, 10,4 million funt-sterling diýmekdir.

Şertnamadan soňra holding köp klubly modeli ösdürip başlady we 2023-nji ýylda Fransiýanyň «Strasbur» klubuny satyn aldy.

«Çelsiniň» özi hem 262,4 million funt sterling möçberinde uly ýitgi görkezdi, bu bolsa iňlis Premýer-ligasy üçin rekord görkezijidir. Şol bir wagtda klubuň girdejileri 490,9 million funt sterlinge ýetip, taryhyndaky ikinji iň gowy netije boldy. Bu bolsa çempionatdaky üstünlikli çykyşlar we halkara ýaryşlardaky ýeňişler bilen baglanyşyklydyr.

Ýitgilere garamazdan, klub rugsat berilýän düzedişleriň hasabyna APL-iň maliýe düzgünlerini berjaý edýär.

2025-nji ýylyň iýulynda «Çelsi» UEFA tarapyndan 17,3 million funt sterling möçberinde jerime tölemeli edildi, eger-de talaplar ýerine ýetirilmese, goşmaça jerimäniň hem bellenilmegi mümkindir.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......