Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

  • 18.04.2026 00:10
  • 10k+

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy.

Toparyň metbugat gullugynyň resmi beýanyna we insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatlaryna görä, 38 ýaşly futbolçy klubuň paýnamalarynyň 100%-ini satyn aldy. Bu bolsa klubuň sport we ykdysady taýdan ösmegine itergi bermelidir.

KHBS-iň belleýşi ýaly, bu şertnama bilen Messiniň Kriştianu Ronaldu bilen sport bäsdeşligi indi işewürlik ugruna geçýär: mundan ozal, 2026-njy ýylyň fewralynda portugaliýaly futbolçy Ispaniýanyň «Almeriýa» klubunyň paýnamalarynyň 25%-ini satyn alypdy.

«Kornelýanyň» satyn alynmagynyň maliýe şertleri aýan edilmeýär, ýöne Messiniň şeýle maýa goýumlary amala aşyrmak üçin uly serişdeleriniň bardygy mälimdir. Onuň «Inter Maýamidäki» paýyny hem goşanyňda, ýyllyk girdejisi 150 million dollar möçberinde bahalandyrylýar. Şeýle hem, Adidas bilen hemişelik şertnamasy we PepsiCo hem-de Mastercard ýaly brendler bilen hyzmatdaşlygy oňa her ýyl goşmaça 70 million dollar töweregi peýda getirýär.

Häzirki wagtda Messi «Sportico» neşiriniň wersiýasyna görä, ähli döwürleriň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň reýtinginde bäşinji orunda durýar. Ol inflýasiýany hasaba alanyňda karýerasynda 1,62 milliard dollar gazandy. Klub satyn almakdan başga-da, argentinaly türgen özüniň Mas+ içgisini çykarmak we 525 Rosario prodýuserlik kompaniýasyny açmak ýaly işewürlik taslamalaryny hem işjeň ösdürýär.


şu gün 13:40
4.2k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......