Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

  • 28.04.2026 16:14
  • 4.7k+

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

Tedesko we onuň tälimçiler düzümi bilen birlikde, sport direktory Dewin Ozek we futbol utgaşdyryjysy Berke Çelebi hem klubdan gitdi. Baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde Zeki Murat Göle bellenildi.

Tedesko 40 ýaşynda bolup, ol 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda «Fenerbahçä» ýolbaşçylyk edip başlady. Ol Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryndaky şowsuzlykdan soň işden aýrylan portugaliýaly Žoze Mourinýuny çalşypdy. Mundan ozal tälimçi Moskwanyň «Spartak», Belgiýanyň milli ýygyndysy, Germaniýanyň «Leýpsig» we «Şalke» klublary bilen işleşdi.

Türkiýäniň çempionatynyň 31-nji tapgyryndan soň, «Fenerbahçe» 67 utuk toplap, ýaryş jedweliniň ikinji setirinde ýerleşýär we birinji orundaky «Galatasaraýdan» ýedi utuk yza galýar.

Ýekşenbe güni topar dawaly geçen Stambul derbisinde «Galatasaraýdan» 0:3 hasabynda uly ýeňlişe sezewar boldy. 


düýn 22:01
3.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......