«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

  • 23.04.2026 12:31
  • 10k+

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre klubuň «Spotify» aýdym-saz striming hyzmaty bilen amala aşyrýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň bir bölegidir.

Katalon topary mahabat kampaniýasyna eýýäm işjeň taýýarlyk görüp başlady. Oliwiýa Rodrigo täze eşikleriň tanyşdyrylyşy üçin resmi fotosessiýa gatnaşdy. Meşhur aýdymçynyň Madridiň «Realyna» garşy oýunda “Barselonany” goldamak üçin «Kamp Nou» stadionyna hut özüniň gelmegine garaşylýar.

La Liganyň 35-nji tapgyrynyň çägindäki «Barselona» bilen «Realyň» arasyndaky duşuşyk 10-njy maýa meýilleşdirildi. Oýun «katalonlylaryň» öz meýdançasynda geçiriler.

Häzirki wagtda La Ligada ikinji ýerden 9 utuk aratapawudy göz öňünde tutsak, katalonlar bu oýnuň çempionlyk ugrundaky ýeňşi möhletinden öň gazanmaga ýa-da baýram etmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar.

MD neşiriniň berýän maglumatyna görä, Rodrigonyň mahabatlandyrylmagy onuň 12-nji iýunda çykmaly bolan üçünji studiýa albomy bilen baglanyşyklydyr. Aýdymçy öz karýerasyna «Disney» taslamalarynda, hususan-da «Mekdep mýuzikli» seriýasynda başlapdy, soňra bolsa saz äleminde uly üstünlikler gazanyp, üç gezek «Gremmi» baýragynyň eýesi boldy.

Futbolkanyň resmi dizaýny häzirlikçe görkezilmese-de, onda aýdymçynyň adynyň şekillendirilmegine garaşylýar. Sebäbi täze albomyň «You Seem Pretty Sad for a Girl So in Love» diýen at lybasyň üstüne ýerleşdirmek üçin örän uzyndyr.

Oliwiýa Rodrigo «Spotify» bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Barselonanyň» lybasynda peýda bolan dünýä ýyldyzlarynyň sanawyna goşular. Mundan ozal bu sanawda Dreýk, Rozaliýa, The Rolling Stones, Karol G, Coldplay we Trewis Skott ýaly meşhurlar orun alypdy.

Ýatlap geçsek, oktýabr aýynda «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen El-Klasikoda katalonlaryň lybasynda Ed Şiranyň logotipi ýerleşdirilipdi.


şu gün 19:10
2.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

şu gün 10:53
5.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
5.2k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.4k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....