Inçhon Gran-prisi: Günorta Koreýa Formula-1 ýaryşlaryna 5 km-lik şäher ýaryş ýoly bilen dolanýar

  • 24.04.2026 07:19
  • 3.4k+

Günorta Koreýa Inçhon şäherinde köçe ýaryşyny guramak arkaly 2028-nji ýylda Formula-1 çempionatynyň senenamasyna dolanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Korea Times» neşiri habar berýär.

Şäher häkimligi Songdo seýilgähiniň içinden geçjek, uzynlygy 4,96 kilometr bolan şäher ýaryş ýolunyň taslamasyny hödürledi. Inçhondaky bu tapgyryň Monako, Singapur we Las-Wegas ýaly meşhur köçe ýaryşlarynyň nusgasynda bolmagyna we ulaglaryň sagatda 337 kilometr tizlige çenli çykmagyna mümkinçilik bermegine garaşylýar.

Mundan ozal, bu ýurt 2010-2013-nji ýyllar aralygynda Ýongam awtodromynda Gran-pri kabul edipdi, emma taslama maliýe kynçylyklary we tomaşaçylaryň gyzyklanmasynyň pesligi sebäpli ýapylypdy. Täze meýilnama bolsa her gün 120 müňe çenli tomaşaçyny özüne çekmegi maksat edinýär. Ýaşaýjylara päsgel bermezlik üçin, häkimiýetler iki kilometr töweregi sesden goraýjy ekranlary gurnamagy we wagtlaýyn ulag düzümini döretmegi wada berýärler. Ýaryşy geçirmegiň gutarnykly binýatlaýyn meýilnamasyny ministrlikler we ylmy institutlar bilen maslahatlaşylandan soň, 2027-nji ýyla çenli tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Bu taslama uly ykdysady itergi hökmünde garalýar: 802 milliard won çykdajy bilen garaşylýan girdeji 1,16 trillion wona (takmynan 790 million dollar) ýetip biler. Bu tapgyryň durmuşa geçirilmegi 4,8 müňe golaý iş ornunyň döredilmegine we syýahatçylyk girdejileriniň ep-esli artmagyna mümkinçilik berer.

Ýatladyp geçsek, sebitdäki durnuksyz ýagdaýlar sebäpli Bahreýndäki we Saud Arabystanyndaky tapgyrlaryň ýatyrylmagy netijesinde, Formula-1-iň şu möwsümdäki senenamasy 24 ýaryşdan 22 ýaryşa çenli gysgalypdy.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

12.06.2026 11:10
10k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....