Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

  • 28.04.2026 14:43
  • 9.9k+

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar.

Täze dünýä çempiony 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda Ist-Raterfordaky "Metlaýf" stadionynda belli bolar.

The Guardian neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu çenden aşa gymmat bahaly biletleriň orunlary derwezäniň arkasyndaky aşaky tribunada ýerleşýär.

FIFA öz meýdançasynda bahalaryň iň ýokary çägini çäklendirmeýär, emma gurama hem satyjydan, hem-de alyjydan 15% möçberinde komissiýa alýar. Şeýle biletleriň diňe biri satylan ýagdaýynda, halkara federasiýasynyň girdejisi takmynan 690 müň dollar bolar.

Belläp geçsek, mundan ozalky dünýä birinjiliklerinde has berk düzgünler hereket edýärdi: gaýtadan satuwa diňe nominal baha boýunça rugsat berilýärdi, DÇ-2022-de bolsa komissiýa 5% möçberindedi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun - 19-njy iýul aralygynda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň stadionlarynda geçiriler. Häzirki wagtda bu adyň eýesi — öz hasabynda üç ýeňşi bolan Argentinanyň ýygyndysydyr.


şu gün 10:53
3.8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......