5.7k+

Türkiýede 8000 ýyllyk gaýa suratlary tapyldy

Türkiýäniň Erjiýes dagynyň etegindäki Deweli sebitinde arheologlar, takmynan, 8000 ýyllyk gaýa suratlaryny tapdylar diýip, Kaýseri welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň portaly habar berdi. «Bu gaýa ýazgylary — adam hyýalynyň iň irki ýüze çykan nyşanlaryndan biridir...

4k+

“Alaň 3” filminiň surata düşürilişi tamamlandy

Internetde “Alaň” franşizasynyň üçünji bölüminiň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygy barada habar berildi. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda kinoteatrlarda görkeziler. Baş keşplerde ýene-de Timoti Şalame, Zendeýa, Florens Pýu, Joş Brolin, Anýa Teýlor-Joý we beýleki aktýorlar çykyş ederler...

3.2k+

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer

Britaniýaly aýdymçy Adel ilkinji gezek kinoda surata düşer. Ol režissýor we prodýuser Tom Forduň “Asmana bakyp ýygla” filminde baş keşpleriň birini ýerine ýetirer diýip, Variety habar berýär. Film Enn Raýsyň 1982-nji ýyldaky adybir romany esasynda surata düşüriler...

5.2k+

Maýamide bitkoiniň döredijisi Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi goýuldy

ABŞ-nyň Maýami şäherinde bitkoiniň döredijisi hökmünde tanalýan Satoşi Nakamotonyň ýadygärligi açyldy. Bu heýkel şu ýylyň 10–12-nji noýabry aralygynda Floridada geçirilen “Cantor Crypto & AI Infrastructure Conference” çäresiniň çäklerinde tanyşdyryldy...

10k+

92 ýaşly amerikaly dünýäde işleýän iň garry santehnik diýlip ykrar edildi

92 ýaşly amerikaly Ross Palermo dünýäde işleýän iň garry santehnik hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Palermo bu kärde tas 75 ýyl bäri zähmet çekýär. Ol 1933-nji ýylda italýan immigrantlarynyň maşgalasynda dünýä indi we orta mekdebi tamamlan badyna 1951-nji ýylda işe başlady...

2k+

Buker baýragyny wenger-britan ýazyjysy Dewid Soloýyň romany aldy

2025-nji ýylyň Buker baýragyny “Flesh” (“Syna”) romany üçin Dewid Soloý aldy. Ýeňijä kubok we 50 müň funt sterling berildi. Baýragy ýazyja geçen ýylky ýeňiji Samanta Harwi gowşurdy. Şu ýyl eminler toparyna ýazyjy Aýobami Adebaýo, ýazyjy we tankytçy Kris Pauer, romançy Kaýli Rid, ýazyjy we dramaturg Roddi Doýl we aktrisa Sara Jessika Parker girdi...

6.1k+

“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler

15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir...

2.9k+

Apple iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeldýär

Apple kompaniýasy iPhone-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, kompaniýa hemralary gyssagly jaňlardan daşary hem ulanmaga mümkinçilik berjek birnäçe tehnologiýany öwrenýär...

2.9k+

Aşgabatda Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler

15-nji noýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda meşhur nemes kompozitory Iogann Sebastýan Bahyň 340 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler. Konsert maksatnamasynda belli türkmen aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, şol sanda Leýli Ökdürowanyň hem-de Gülnar Nuryýewanyň çykyşlary göz öňünde tutulýar...

8.9k+

Türkmenistanda howa +20 gradusa çenli maýlar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanda maýyl howa bolar. Ýakyn günlerde ýagyn bolmaz diýlip çaklanylýar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +20 gradusa çenli maýyl bolar. Aşgabatda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +18...

5.7k+

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we Arkadag şäherinde saglygyny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy...

5.8k+

Arheologlar Keniýada 2,7 million ýyl ozal ýasalan «şweýsar pyçaklaryny» tapdylar

Arheologlar Keniýadaky Turkana basseýniniň töwereginde takmynan 2,75–2,44 million ýyl öňe degişli daş gurallary tapdylar. Bu gadymy gurallar olduwaý medeniýetine degişli bolup, irki adamlaryň häzirkizaman «şweýsar pyçaklary» ýaly köp funksiýaly ulanyş gurallary hökmünde hyzmat edipdir diýip, ScienceDaily ýazýar...

1.2k+

Apple TV zastawkasyny täzeledi – onuň sazyny Finneas ýazdy

Amerikaly aýdymçy we kompozitor Finneas Apple TV akym platformasy üçin täze gysga saz zastawkasyny ýazdy. Indi bu intro hyzmatdaky ähli film we seriallaryň öňünde peýda bolýar diýip, Deadline gürrüň berýär. Finneas bu taslama gatnaşmagyň özi üçin uly hormat bolandygyny aýtdy: «Men bu işi etmek mümkinçiligine örän begenýärin...

7k+

Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar...

6.4k+

«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy

Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi. Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy...

2.3k+

Entoni Hopkins alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer

Ser Entoni Hopkins “Görnüşler” (The Species) atly täze taryhy dramada meşhur tebigatçy alym Çarlz Darwiniň keşbini ýerine ýetirer diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Darwiniň aýaly Emma Darwiniň keşbini britaniýaly aktýor Şarlotta Rempling ýerine ýetirer...

8.7k+

Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär...

9.1k+

Gabsburglar maşgalasynyň ýiten göwheri 100 ýyldan gowrak wagtdan soň tapyldy

100 ýyldan gowrak wagt bäri ýiten diýlip hasaplanýan Gabsburglar hazynasyndan “Florenties” göwheri tapyldy. Häzire çenli ol Kanadanyň Kwebek welaýatynyň bank seýfinde saklanypdyr, ýöne maşgalanyň köp agzasy bu barada bilmeýärdi diýip, maşgalabaşy Karl Gabsburg-Lotaringskä salgylanyp, The New York Times we Der Spiegel habar berdi...

2.7k+

Sora wideogeneratory indi Android-de elýeterli boldy

ChatGPT hyzmatyny döreden OpenAI kompaniýasy wideo döredýän Sora hyzmatynyň Android ulgamlary üçin wersiýasyny çykardy. Programma eýýäm Google Play-de peýda boldy, emma häzirki wagtda ähli ýurtlarda elýeterli däl...

11k+

Çehiýadan model “Ýer hanymy – 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Manilada “Ýer hanymy – 2025” (Miss Earth) gözellik bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijisi Çehiýadan Natali Puşkinowa boldy. Täji oňa geçen ýylky bäsleşigiň ýeňijisi, awstraliýaly Jessika Leýn geýdirdi. Bu Çehiýanyň wekiliniň bäsleşikde ikinji gezek ýeňiş gazanmagy boldy – 2012-nji ýylda “Ýer hanymy” adyna Tereza Faýksowa mynasyp bolupdy...

1.9k+

Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar

Apple kompaniýasy arzan bahaly MacBook çykarmagyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Täze noutbuk web sahypalaryny görkezmek, resminamalar bilen işlemek, multimedia faýllaryny ýeňil redaktirlemek ýaly ýokary güýç talap etmeýän gündelik işler üçin niýetlenýär...

2k+

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnadylar...

4.2k+

Xiaomi öz taryhynda fiziki zumly ilkinji smartfonyny taýýarlaýar

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonyny taýýarlaýar. Ol eýýäm iki görnüşde – 2512BPNDAC we 25128PNA1C belgileri bilen Hytaýda şahadatnamalaşdyrmakdan geçdi. Bu barada Digital Chat Station insaýderi habar berýär...