Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär

  • 07.11.2025 09:59
  • 2k+

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnadylar.
Çärä Türkiýäniň hökümet we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, tanymal alymlar we ýazyjylar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hepdeligiň açylyşynyň çäklerinde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy we Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy mynasybetli neşir edilen «Türk dünýäsinde zenan we söz» atly goşgy ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Amangözel Şaguýewanyň döredijiligi häzirki zaman türkmen edebiýatynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Onuň şygryýeti pikirleriň çuňlugy, ýokary çeperçiligi we Watana, halkyna we ruhy gymmatlyklaryň goragçylary hökmünde zenanlara bolan çuňňur söýgüsi bilen tapawutlanýar.
Giriş sözi bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň Gahrymany, Halk suratkeşi Saragt Babaýew çykyş etdiler.
Duşuşykda çykyş edenler Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň geçirilmeginiň doganlyk ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň aýdyň subutnamasydygyny we türki dünýäsiniň çäginde medeni dialogyň has-da ösmegine goşant goşýandygyny nygtadylar.
Şol gün Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan surat sergisi açyldy.
Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň çäklerinde Ankarada we Stambulda türkmen edebiýatyny, sungatyny we medeni mirasyny giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary geçiriler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.7k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......