Maýkl Jekson barada biografik filmiň ilkinji tizeri çykdy

  • 08.11.2025 18:36
  • 8.7k+

Lionsgate kinokompaniýasy pop sazynyň şasy Maýkl Jeksonyň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan köpden bäri garaşylan biografik filmiň ilkinji tizerini hödürledi. “Maýkl” filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 24-nji apreline meýilleşdirilýär.

Wideoda aýdymçynyň “Wanna Be Startin’ Somethin’” we “Billie Jean” aýdymlary ýaňlanýar. Şeýle-de, meşhur Aý ýöreýşi we “Thriller” wideosyna salgylanýan sahnalar görkezilýär.
Filmde baş keşbi Maýklyň hakyky ýegeni, 28 ýaşly Jafar Jekson ýerine ýetirdi. Önümçilik topary onuň meşhur daýysynyň keşbini örän gowy janlandyrýandygyny belleýär.

“Men ony taýýarlykda görenimde, demim tutuldy. Jafaryň öz merhum daýysyny janlandyrmagynda nämedir bir ajaýyplyk bar. Onuň zehini we Maýklyň obrazyny ýerine ýetirmegi başga bir derejede” – diýip, filmde sazandanyň kakasy Jo Jeksony oýnan aktýor Kolman Domingo belledi.

Şeýle-de, aktýorlar düzümine Nia Long, Maýls Teller, Lora Herrier we beýlekiler girdi. Filmiň režissýory Antuan Fukua boldy. Ssenarini “Oskar” baýragyna üç gezek dalaşgär Jon Logan ýazdy. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....