«Moana» filminiň kinoremeýkiniň surata düşüriliş işleri tamamlandy

  • 09.11.2025 22:36
  • 6.4k+

Meşhur «Moana» multfilminiň çeper film görnüşindäki oýun remeýkiniň surata düşürilişi doly tamamlandy. Bu barada filmde Maui ýarym hudaýyň keşbini janlandyrýan aktýor Dueýn Jonson habar berdi.

Filmiň taýýarlyk işleri 2024-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy. Režissýor hökmünde Tomas Keýl çykyş etdi, baş keşbi bolsa ýaş aktrisa Ketrin Laga janlandyrdy.
Döredijiler ýordumyň jikme-jikliklerini häzirlikçe açmaýarlar. Emma täze wersiýa asyl multfilmdäki ýaly esasy gahrymanlary we wakalary saklamak bilen, çeper film görnüşinde täzeden gürrüň beriljekdigi mälim edildi.
Filmiň ilkinji görkezilişiniň 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda bolmagyna garaşylýar.
«Moana» asylky multfilmi 2016-njy ýylyň noýabr aýynda çykypdy we “Oskar” baýragyna iň gowy doly metražly animasiýa filmi we filmiň iň gowy aýdymy ugry boýunça dalaşgär görkezilipdi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....